Turkmenportal logo
11.04.26
93939393
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen mekdep okuwçysy mekdep toparlarynyň arasynda geçirilýän Aziýanyň küşt çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen mekdep okuwçysy Osman Hemragulyýew mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän toparlaýyn dünýä küşt birinjiliginiň Aziýa (yklym) tapgyrynda birinji tagtada III orny eýeledi.

Bu derejede birinji orny Moskwanyň Kurçatow mekdebiniň ýaş halkara ussady Roman Şogjiýew gazandy, onuň FIDE reýtingi - 2399.

6–11-nji aprel aralygynda Almaty şäherinde geçirilen çempionat Halkara küşt federasiýasy (FIDE) hem-de Mekdep küşdüniň halkara federasiýasy (ISCF) tarapyndan guraldy.

Ýaryşa Aziýanyň 19 ýurdunyň 26 topary gatnaşdy. Abraýly ýaryşda Türkmenistana A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta umumybilim berýän mekdebiniň topary wekilçilik etdi.

Osman Hemragulyýew A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy bolup, küşt bilen 5 ýaşyndan bäri meşgullanýar. Onuň tälimçisi grossmeýster Maksat Atabaýew — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Her toparyň düzümine dört esasy oýunçy, bir ätiýaçlyk oýunçy we kapitan (uly ýaşly) girdi. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda, her toparyň düzüminde azyndan bir oglan we bir gyz bolmalydy. Bäsleşige 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglan, ýöne 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryndan uly bolmadyk türgenler gatnaşdy.

Ýaryş barada jikme-jik maglumatlar bilen degişli çeşmede tanşyp bolýar.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ileri tutulýan maksatlarynyň biri — küşt oýnuny ýurduň mekdep okuw maksatnamasyna giňden ornaşdyrmak bolup, bu ýaryşa gatnaşmak strategik ähmiýete eýedir.