Turkmenportal logo
Şu gün 15:29
2715727157
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
13-nji aprelden Aşgabat — Türkmenabat awtobany boýunça ýol tölegleriniň nyrhlary üýtgär

Şu ýylyň 13-nji aprelinden başlap, «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Türkmenabat awtobany boýunça ýol tölegleriniň täzelenen nyrhlaryny girizer.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, dört we ondan köp okly ulaglar, şol sanda treýlerler üçin her kilometre 2,1 manat möçberinde nyrh bellenildi. Iki we ondan köp okly, beýikligi 3 metrden ýokary ýa-da agramy 3,5 tonnadan köp bolan ýük ulaglary we awtobuslar her kilometre 1,36 manat töleg tölärler. Beýikligi 3 metre çenli we agramy 3,5 tonna çenli bolan ýeňil awtoulaglar hem-de olaryň tirkegleri üçin nyrh öňküligine galýar — her kilometre 0,35 manat.

Sürüjiler üçin amatlylyk döretmek maksady bilen, kompaniýa ýol ugrunda ýerleşýän esasy ilatly nokatlaryň arasynda ýol tölegleriniň tablisasyny hem çap etdi. Mysal üçin, uly ýük ulaglary (dört w dörtden köp okly) üçin Aşgabatdan Türkmenabada çenli ýol tölegi 1 260 manat, Aşgabatdan Mary şäherine çenli bolsa 655 manat bolýar. Ýük ulaglary we awtobuslar üçin şol ugurlar boýunça töleg degişlilikde, 816 we 424 manat bolýar.

«Türkmenawtoban» kompaniýasynyň habarynda bellenilişi ýaly, nyrhlaryň üýtgedilmeginiň maksady ýoluň tehniki hyzmatyny gowulandyrmakdan, hereket howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de ýol infrastrukturasyny ösdürmekden ybaratdyr.

Aşgabat — Türkmenabat awtobany Türkmenistanyň iň iri infrastruktura taslamalarynyň biridir. 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýoluň soňky bölegini açyp, awtobanyň doly ulanyşa berlendigini yglan etdi. Bu ýokary tizlikli ýol ýurduň paýtagtyny gündogar sebitiniň iň uly şäheri bilen baglanyşdyrýar we ýol wagtyny ep-esli gysgaltmaga, hereket howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga hem-de söwda we logistika ösüşine güýçli itergi bermäge niýetlenendir.