Turkmenportal logo
Şu gün 11:43
58375837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Artemida-2» missiýasynyň ekipažy Aýyň daşyndan aýlanyp, Ýere dolanyp geldi

Dört astronawtly Orion älem gämisi 11-nji aprele geçilýän gije Ýuwaş ummanynda üstünlikli gonup, NASA tarapyndan amala aşyrylan Artemida-2 missiýasyny tamamlady. Gonuş nokady San-Diegonyň golaýyndaky sebit boldy — diýip, dw.com saýty ýazýar.

Gämide NASA-nyň astronawtlary Rid Waýsmen, Wiktor Glower we Kristina Kuk, şeýle hem Kanadanyň kosmos agentliginiň wekili Jeremi Hansen bar. Orion 1-nji aprelde ABŞ-nyň gündogar kenaryndan uçuryldy. Bäş günden soň ekipaž Aýy synlamak işlerini tamamlap, Ýere tarap gaýtdylar.

Uçuşyň dowamynda adamyň Ýerden iň uzak aralyga ýetmek boýunça rekord goýuldy: älem giňişliginiň iň ýokary nokadynda gämi Ýer planetasyndan 407 000 km uzaklykda ýerleşdi. Öňki rekord 1970-nji ýylda Apollo-13 ekipažyna degişlidi.

Gonuşyň göni ýaýlymyna YouTube arkaly üç milliondan gowrak adam tomaşa etdi; ýaýlym agentligiň beýleki platformalarynda hem alnyp baryldy.

Uçuşyň çäklerinde gatnaşyjylar alty güne çenli özbaşdak kislorod ätiýaçlygy bolan täze skafandrlary synagdan geçirdiler.