Turkmenportal logo
Düýn 23:12
98709870
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu ýyl Lebapda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, şu ýylda Lebap welaýaty boýunça binalaryň we desgalaryň 8-siniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu binalary bellenilen möhletinde ýokary hilli gurup, ulanmaga bermek maksady bilen gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu barada şu günki  Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde bilelikdäki «Türkmengips» hojalyk jemgyýetiniň ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny hem-de 20 million inedördül metr gipsekarton önümlerini öndürýän zawodyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy bellenildi. Lebap welaýatynda Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan täze elektrik beketlerini we geçirijilerini gurmak şeýle hem bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça meýilnamalaýyn işler geçirilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek hem-de ýurtda öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen Türkmenabat şäherindäki S.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat hem-de 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk işleri dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň, şol sanda Lebap welaýatynyň himiýa we gurluşyk kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, welaýatda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere Lebap welaýatynda şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly binalaryň we desgalaryň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegini, welaýatyň awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrmagy mundan beýläk-de dowam etmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.