Turkmenportal logo
Düýn 22:51
1044610446
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndan soňra Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurdy, şol sanda, Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi hem-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin mejlisiň nobatdaky 12-nji maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda, Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda, Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek hakynda, Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda, Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda, Balyk tutmak we suwuň biologiki serişdelerini gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda, Migrasiýa hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretmek we kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.