Turkmenportal logo
Düýn 22:34
1080910809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, bu ýoluň gadymy döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşdäki nusgasyna öwrüljekdigini  nygtady.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolup, onuň Mary — Türkmenabat bölegi 288 kilometrdir. Bu ýol bölegi «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Ýoluň ugry Mary şäherinden başlap, Ýolöten we Türkmengala ýaly ilatly nokatlaryň golaýyndan geçýär hem-de demirgazyk-gündogar ugry boýunça Türkmenabat şäherine çenli uzalýar. Taslamanyň çäginde jemi 3 sany iri köpri guruldy. Ýoluň umumy galyňlygy 4 – 6 metr aralygyndadyr. Onuň ugrunda jemi 3 sany tehniki hyzmat ediş nokady, 5 sany ýangyç guýujy beket, 583-nji kilometrde uly töleg terminaly, 353-nji kilometrde kiçi töleg terminaly hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, bu ýoluň ugrunda oba hojalyk tehnikalaryny we mallary geçirmek üçin niýetlenilen geçelgeler göz öňünde tutulan. 234 sany wideogözegçilik bolsa ýokary tizlikli gara ýoly gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Ýolda 144 sany telefon ulgamy ýerleşdirilip, zerur ýagdaýda hyzmat ediji topar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Ýokary tizlikli ýoluň giňişligi jemi 34,5 metr bolup, iki taraplaýyn ýoluň hereket böleginiň ini 22,5 metre deňdir. Ýoluň hereket howpsuzlygy üçin demir barýerler we ýabany haýwanlaryň päsgelçiliginiň öňüni almak üçin ulag germewleri çekilendir. Ýolagçylar üçin döredilen awtoduralgalar, myhmanhana döwrebap hyzmatlar hödürlenilýän kafeteriýalar, söwda we iýmit nokatlary göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurduň ykdysady ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesine gönükdirilen tutumly işleriň mynasyp dowamyna öwrülen taryhy wakadyr.