Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň ýurduň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygy nygtaldy.
Mundan başga-da, medeni dialogy ösdürmäge, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ileri tutulýan iş ugurlarynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar ozaldan teklip edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem olary geljekde amaly taýdan ilerletmegiň çemeleşmelerini ylalaşdylar.
Şeýle-de, taslamalaryň milli we sebit derejelerinde netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň utgaşdyryjy orny aýratyn nygtaldy.