Serbiýaly hünärmen Goran Stewanowiç Täjigistanyň ýygyndysy bilen işini tamamlady – taraplar şertnamany uzaltmak boýunça ylalaşyga gelip bilmediler. Bu barada Eurasia Football habar berýär.
Şeýle-de bolsa, hut Stewanowiçiň ýolbaşçylygynda ýygyndy topar Aziýa kubogy–2027-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazandy. Tälimçiniň ýolbaşçylygynda ýygyndy dört duşuşyk geçirdi: üç ýeňiş gazandy we bir gezek deňme-deň oýnady – Filippinler bilen möhüm duşuşykda deňme-deň netijäniň gazanylmagy Täjigistana jemleýji ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligini üpjün etdi.
Hünärmen topar bilen özara nägilelik bildirmän hoşlaşdy. «Biz şertnamany uzaltmak boýunça ylalaşyga gelip bilmedik. Şeýle-de bolsa, hyzmatdaşlykdan örän hoşal boldum. Futbol federasiýasynda ajaýyp adamlar işleýär, Täjigistan bolsa ajaýyp ýurt» – diýip Stewanowiç beýan etdi.
Eurasia Football neşiriniň maglumatlaryna görä, Stewanowiç maliýe şertleriniň täzeden gözden geçirilmegine – aýlygynyň ýokarlandyrylmagyna we öz kömekçi tälimçilerini getirmäge rugsat berilmegine umyt baglapdyr. Federasiýa täze şertleri kabul etmedi.
Stewanowiç Täjigistanyň ýygyndysyna 2025-nji ýylyň güýzünde ýolbaşçy boldy. Onuň ýerine kimiň geljekdigi häzirlikçe mälim edilmeýär.
Täjigistandan başga-da, Merkezi Aziýadan Saud Arabystanynda geçiriljek ýaryşa Özbegistan we Gyrgyzystan hem gatnaşar. Türkmenistan saýlama tapgyryndan geçip bilmedi we Aziýa kubogyny yzly-yzyna ikinji gezek goýberer. Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky topar aýgytlaýjy duşuşykda Bangkokda Tailandyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda ýeňildi.
Aziýa kubogy–2027 Saud Arabystanynda 7-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygynda geçiriler. Saýlama tapgyry tamamlanyp barýar: 24 gatnaşyjynyň 23-si eýýäm belli boldy. Soňky gatnaşyjy topar iýun aýynda Liwan bilen Ýemeniň arasynda geçiriljek duşuşykda kesgitlener; bu oýun sebitdäki howpsuzlyk ýagdaýynyň çylşyrymlydygy sebäpli başga wagta süýşürilipdi.