Turkmenportal logo
09.04.26
1436814368
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan gurluşyk ulgamyna Awstriýanyň tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan senagat pudagynda gurluşyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda baý tejribesi bolan Awstriýanyň tehnologik innowasiýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada TDH türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bagly habarynda belleýär.

Awstriýanyň kompaniýalary iri şähergurluşyk, senagat taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, halkara hil we ekologik howpsuzlygyň standartlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologik çözgütleri ornaşdyrýarlar.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategik ugry hökmünde çykyş edýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Gündogar — Günbatar ugry boýunça yklymara geçelgeleri kemala getirmek şertlerinde awstriýaly hyzmatdaşlaryň logistik merkezleri, demir ýol düzümini dolandyrmakdaky tejribesi Türkmenistanyň Ýewraziýanyň esasy ulag merkezine öwrülmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek meselelerine aýratyn üns berilýär. 

Iki ýurduň halklaryny ruhy taýdan birleşdirmekde, medeni alyşmalary işjeňleşdirmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine esasy orun degişlidir. Özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi birek-biregiň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge ýardam berip, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek köprülerini pugtalandyrýar. Saz diplomatiýasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özboluşly aýratynlygyna öwrüldi. Ýurtda geçirilmegi däp bolan Wena ballaryny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

«Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň bilelikdäki konsertleri milli saz mekdepleriniň özboluşly sazlaşygyny dabaralandyryp, sungatyň dostlukly gatnaşyklaryň we parahatçylygyň ählumumy dili hökmündäki ornuny has-da berkidýär.

Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, bilelikdäki okuw maslahatlarynyň, hünärmenleri alyşmak maksatnamalarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamyna Ýewropanyň öňdebaryjy usulyýetlerini ornaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklary üçin hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga mümkinçilik berýär.