Turkmenportal logo
Şu gün 15:09
37983798
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropada uçar ýangyjynyň nyrhy rekord derejä ýetdi
Surat: ru.kabar.kg

Uçar ýangyjynyň bahasy Ýewropada rekord derejä, ýagny bir tonna üçin 1900 dollara çenli gymmatlady. Maglumatlara görä, bu ugurda ilkinji orna Beýik Britaniýa çykdy, Londonyň Hitrou we ýurduň beýleki howa menzillerinde ýangyjyň gymmatlamagy bilen bagly uçuş ugurlary ýatyrylyp başlandy. Nobat Fransiýanyň howa menzillerine ýetse gerek diýlip, «kabar.kg» neşiri ýazýar.

Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginiň galan ýurtlarynda awiaýangyjyň ätiýaçlyk gorlary birnäçe aýa ýeter.

Bazar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, Ormuz bogazyndan ýükleri daşamagyň bozulmagy bilen baglylykda, soňky günlerde uçar ýangyjynyň bahasy bir tonna üçin 300 dollara golaý gymmatlady.

Seljerijiler bogazyň mundan beýläk ýapylmagy Ýewropanyň awiasiýa pudagyna has agram salar, golaý hepdelerde petekleriň gymmatlamagyna we uçuşlaryň köpçülikleýin ýatyrylmagyna getirer diýip çaklaýarlar.