Turkmenportal logo
Şu gün 12:21
38643864
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý suwuň 14 kilometrlik aşagynda tiz otlular üçin ötük gurýar
Surat: inform.kz

Hytaýda Ýanszy derýasynyň aşagyndan uzynlygy 14 kilometrden hem geçýän suwasty ýokary tizlikli demir ýol böleginiň gurluşygy tamamlandy. Bu barada «Kazinform» habarlar gullugy habar berdi. Ýurt ýerasty ötükleri öz demirýol ulgamyny giňeltmek üçin işjeň peýdalanýar.

CCTV döwlet telekompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Hytaýyň iň iri derýalarynyň biriniň astyndan geçýän ötük Şanhaýyň Çunmin adasyny goňşy Szýansu ülkesiniň Taýsan şäheri bilen birleşdirer.

Taslamany ýylyň aýagyna çenli doly tamamlamak maksat edinilýär. Otlular onda tizligini 350 km/sag.-a çenli artdyryp bilerler, bu bolsa, şäherleriň arasynda wagty gysgaltmaga mümkinçilik berer.