Turkmenportal logo
Şu gün 11:57
65796579
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda sport diplomatiýasyny ilerletmegiň ugurlary, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, sport we bedenterbiýe arkaly saglygy dikeltmek boýunça ylmy garaýyşlar beýan edildi.

Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat Özbegistan, Türkiýe, Hytaý, Russiýa, Amerika, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Rumyniýa, Gazagystan, Belarus, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan ýaly döwletleriň sport we bedenterbiýe ulgamynda işleýän alymlaryny, professor-mugallymlaryny, tälimçilerini, hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetiniň neşirýat we bahalandyryş bölüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça ýolbaşçysy Stiw King öz çykyşynda akademiki üstünlik üçin giň we deňagramly okuw meýilnamasyny üpjün etmekde bedenterbiýäniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Halkara Sport tehnologiýalary birleşiginiň wekili, Hytaýyň Çengdu sport uniwersitetiniň mugallymy Heitor Walente çykyşynda futbolyň mysalynda türgenleri taýýarlamakda az çykdajyly usullar barada giňişleýin durup geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň «Ewrika» bilermenler-maslahat beriş merkeziniň baş direktory, Russiýanyň Halkara Olimpiýa uniwersitetiniň mugallymy Lew Gutmanyň çykyşynda ýurtda bedenterbiýe hereketini we sporty ösdürmekde netijeli, howpsuz sport desgalarynyň ulgamyny kemala getirmegiň ähmiýetine ünsi çekildi.

Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Bedenterbiýäniň we sportuň pedagogikasynda amaly tejribeler», «Sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmakda bedenterbiýäniň hem-de sportuň orny», «Sportda emeli aň we innowasion tehnologiýalar» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda degişli ugurlarda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň alymlarynyň, professor-mugallymlarydyr hünärmenleriniň çykyşlaryna uly orun berildi.

Halkara ylmy-amaly maslahat Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köp sanly sport we medeni çäreler bilen utgaşdy. Oňa gabatlanyp, «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» ady bilen ýaryşlar guralýar. Şu günler institutda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň fijital-futzal, fijital-basketbol, fijital-stol tennisi we fijital-küşt görnüşleri boýunça guralýan ýaryşlar özüniň täzeçilligi we innowasion tehnologiýalara esaslanýandygy bilen ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.