Turkmenportal logo
Şu gün 12:58
43494349
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Aşgabatdaky Şehitler metjidi döwrebaplaşdyrylýar

Ozal habar berşimiz ýaly, 4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalar hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen tanyşdy. Onuň dowamynda Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow häzirki wagtda Aşgabatdaky 500 orunlyk Şehitler metjidinde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak işleri we Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuly şäherinde türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän metjidiň gurluşyk we bezeg işleri barada maglumat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatdaky metjidi döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde onuň namaz okalýan ýeriniň giňeldilendigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem-de bezeg serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilmelidigini belledi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuly şäherinde dost-doganlygyň nyşany hökmünde gurulýan metjidiň bezeg işleri amala aşyrylanda ýerli halk bilen maslahatlaşyp, olaryň islegleriniň öwrenilmelidigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.