Turkmenportal logo
Şu gün 17:16
19801980
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
N.Atagulyýew: TDG-ä agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň durnuklylygynyň we ösüşiniň möhüm şertidir
Surat: ru.trend.az

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň we wise-prezidentleriniň ikinji mejlisine gatnaşýar. Wise-premýer bu mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň TDG-ä agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy sebitiň durnuklylygynyň we ösüşiniň möhüm şerti hasaplaýandygyny mälim etdi. Bu barada «Trend» habar berdi.

«Türkmenistan türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär we oňa sebitiň durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň möhüm şerti hökmünde garaýar. Häzirki wagtda döwletlerimiz ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, halkara parahatçylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak döwrümiziň iň möhüm wezipeleriniň biridir» diýip, ol belledi.

N.Atagulyýew bu babatda TDG-ä agza döwletleriň tagallalaryny birleşdirmeginiň ähmiýetini nygtamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

«Halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinjji nobatda, BMG-niň meýdançasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini hem bellemek isleýärin. Türkmenistan köptaraply diplomatiýanyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermek bilen, halkara başlangyçlaryny işjeň öňe sürýär we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gatnaşýar» diýip, wise-premýer sözüniň üstüni ýetirdi.