Germaniýanyň Gamburg şäheriniň merkezi böleginde möjek ýerli ýaşaýjy zenana hüjüm etdi. «Politico» neşiriniň ýazmagyna görä, bu ýitip ýok bolmak howpy abanýan ýyrtyjy 30 ýyl mundan öň Germaniýa getirilenden bäri ilkinji wakadyr. Ýyrtyjy şäheriň Alton etrabyndaky IKEA dükanynyň ýanynda zenana topuldy. Zenan azaşandyr öýdüp möjege kömek etmekçi bolanda, onuň ýüzünden dişledi. Wakanyň bolan ýerine «Tiz kömek» çagyryldy, ejir çekeniň ýüzüne birnäçe tikin etdiler. Möjegi biraz wagtdan soňra ýörite gulluklar tutdular.
Germaniýada möjekler doly gyrlyp ýok edilipdi, emma 1998-nji ýylda olaryň sanyny dikeltmek üçin ýurda ýörite getirdiler. Häzirki wagtda Germaniýada möjekleriň 200-den gowrak sürüsi hasaba alyndy. Tutuş Ýewropada 20 müň töweregi möjek bolup, bu on ýyl mundan öňdäkiden 58 göterim köpdür.
Adatça, möjekler adamlardan we ýaşaýyş öýlerinden çetde durýarlar. Emma sanynyň artmagy olaryň öý mallaryna we beýleki haýwanlara hüjümleriniň artmagyna getirdi diýip, «rg.ru» ýazýar