Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III we Şa aýaly Kamilla 27-30-njy aprelde Waşingtona sapar bilen barar. Olar Ak tamda dabaraly agşamlyk nahara gatnaşarlar. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Tramp «Truth Social» sosial tordaky sahypasynda özüniň we aýaly Melaniýanyň Britan tagtynyň eýeleriniň taryhy döwlet saparyna sabyrsyz garaşýandygyny beýan etdi.
Bukingem köşgi hem sapar baradaky habary tassyklady. Patyşanyň ABŞ-nyň Kongresinde söz sözlejekdigi habar berilýär.
Karl III Patyşa hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ilkinji gezek barýar. Soňky gezek ol ýere britan monarhy 20 ýyl çemesi wagt öň barypdy, şol sapary 2007-nji ýylda Patyşa zenan Ýelizaweta II amala aşyryldy.