Turkmenportal logo
Şu gün 10:42
32073207
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-azerbaýjan ulag hyzmatdaşlygy has-da ösdüriler
Surat: azertag.az

Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Reşat Nebiýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Ministrligiň «AZERTAC» agentligine beren maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ulag we kommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri hem-de kesgitlenen gün tertibine laýyklykda öňde goýlan möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.