Gar barsy Gyrgyzystanda geçiriljek Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň resmi tumary boldy, bu barada Oýunlaryň halkara sekretarlygyna salgylanýan «Kabar» agentligi habar berdi.
Bars ýöne ýere saýlanmady, ol Gyrgyzystanyň tebigaty we medeniýeti bilen berk bagly bolmak bilen, gujur-gaýraty, hormaty, sporta hem-de çarwa medeniýetiniň pelsepesine mahsus bolan häsiýetleri aňladýar.
Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary 2014-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň başlangyjy boýunça ilkinji gezek geçirilen halkara medeni-sport çäresidir. Ol dünýäniň çarwa halklarynyň oýunlarynyň görnüşlerini we däp-dessurlaryny goramak, ösdürmek we wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.
VI Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler. Onuň açylyşy 31-nji awgustda, ýagny ýurduň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, Bişkek şäheriniň «Bişkek Arena» stadionynda bolar. Oýunlara 100-den gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäräniň maksatnamasyna etnosportuň 43 görnüşi, şeýle-de medeni we ylmy çäreler girizildi. Oýunlaryň şygary – «Güýjüň birligi! Ruhuň birligi!».