Telewizoryň gözüňe zyýan etmejek diagonalyny nädip saýlamaly

0
27730

Telewizora lezzet bilen tomaşa etmegiň köp sanly şertlerinden biri telewizoryň ekranynyň diagonalynyň ölçegidir. Täze telewizor satyn alnanda gözleriňize hiç hili zyýany ýetmejek diagonaldaky telewizory saýlamak babatda «Ak ýaýla» hojalyk elektronika enjamlarynyň dükanynyň berýän şu hili maslahatlary örän peýdaly bolup biler.

Telewizorlaryň diagonal ölçegi bilşimiz ýaly dýuýmda aňladylýar. 1 dýuým — 2,5 santimetre deňdir, şonuň üçinem bize telewizoryň diagonal ölçegini santimetre ölçemek hem kyn düşmeýär.

Diagonal ölçegi näçe uly bolsa ondaky şekiliň durulygy ýokary bolup, telewizora tomaşa etmek hem oňaýly bolýar diýen pikir ýalňyşdyr. Has uly ekranly telewizorlara golaý aralykda oturyp tomaşa etmek görejimiz üçin örän zyýanlydyr, hut şonuň üçinem kinoteatrlarda orta gürpdäki orunlar öňdäki orunlara garanyňda baha babatda gymmatdyr. Uly ölçegli ekranly telewizorlar has uly otaglar üçin bolup, olara tomaşa edeniňde-de 3 metrden golaýda oturmaly däldir. Eger golaýdan gören ýagdaýyňyzda gözleriňiz ýadamak bilen bolup, kelläňize agram düşer. Aýratyn-da uly ekranly telewizorlarda golaý aralykdan sport gepleşiklerini — futbol ýa-da hokkeý reportažlaryny görmek maslahat berilmeýär.

Özüňize täze telewizor satyn almakda tüýs laýyk geljek diagonaly bilmek üçin, ilki bilen, ony nähili kesgitlenen aralykdan görmelidigini bilmegiňiz zerurdyr. Aşakda ýerleşdirilen sanawda telewizor görmekde saklamaly iň pes aralyk görkezilýär.

- 32 dýuým — 1,4 metr;

- 40 dýuým — 1,7 metr;

- 43 dýuým — 1,8 metr;

- 50 dýuým — 2,1 metr;

- 55 dýuým — 2,3 metr;

- 60 dýuým — 2,6 metr;

- 65 dýuým — 2,8 metr;

- 70 dýuým — 2,9 metr;

- 75 dýuým — 3,2 metr;

- 80 dýuým — 3,4 metr;

- 85 dýuým — 3,7 metr.

Otag dar bolsa telewizoryň hem diagonalynyň kiçi bolmalydygyny bilmek möhümdir. Şoňa laýyk gelýän telewizory hem satyn almaly.

4K ekranly telewizorlar (Ultra HD) hat-da kiçi diagonally bolan ýagdaýynda-da şekilleri has dury görmäge ýardam edýär. Olaryň ýokary durulyk derejesi şekilleriň gözüňe ýetirip biljek zyýanynyň öňüni alýar, has aýdyň görünýän şekiller has golaýdan seretmekden hem saklaýar. Emma uly 4K ekranly telewizorlar bolsa adaty şol bir «Golaýdan görmek gözüňe zyýan» diýen düşünjä eýe bolup durandyr.

Uly bolmadyk ýa-da ortaça göwrümde bolan telewizory satyn almak isleseňiz, onda 4K ýa-da 8K ölçeglisini almagy oýlaň. Şeýle-de has uly göwrümdäki HD ýa-da Full HD ölçegdäki telewizorlaryň bolsa ýüzündäki piksel gözenekleri barybir görnüp durýandyr.

Eger aşhana otagy üçin telewizor alaryn diýseňiz, onda ölçeg barada oýlanyp oturasy iş ýokdur. Sebäbi aşhanada telewizora uzak wagtlap tomaşa edýän ýokduram. Şonuň üçin, iň gowsy adaty kiçi ölçegli telewizorlara üns çekiň. Sebäbi bu oýlanyşykly saýlaw edýän köpçüligiň hem çözgüdidir. Aşhanada telewizory asgyç enjamlarynyň hem kiçi ululykdakysyny saýlamak ýeterlik bolar.

Şunlukda, ortaça ululykda bolan, ýagny telewizordan takmynan 2,5-3 metr uzaklykda oturyp tomaşa edip bolýan otag üçin 32-den 43 dýuýma çenli aralykdaky ölçegler laýyk geler. Has giň göwrümli otaglar üçin bolsa biraz uly diagonaldaky telewizorlar gelşikli bolar.

Täzelikleri ýa-da telegepleşikleri görmek üçin HD ýa-da Full HD ekranly, filmlere tomaşa etmek üçin bolsa 4K ýa 8K ölçegli ekrany saýlamak has oýlanyşykly bolup biler.

«Ak ýaýla» dükanynda dürli görnüşli hojalyk tehnikalarynyň we elektik enjamlarynyň, şol sanda telewizorlaryň hem örän giň görnüşleri alyjylara hödürlenilýär. Siziň öýüňize kybap geljek, hem ölçegi, hem bezegi babatda saýlamaga amatly boljak telewizorlary satyn almakda dükanyň satyjylary ýardam ederler.

«Ak ýaýla» dükany Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesinde, «Ak gaýa» söwda merkeziniň ýanynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 75 75 75; (+993 65) 72 97 74.

Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Peýdalanylan çeşmeler: media.halvacard.ru; zen.yandex.ru; ichip.ru.
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar