Örülen mebel: öýde tomus paslynyň lezzeti

0
13386

Köp adamlar örülen mebel diýlende, diňe ýer jaýlarda ýa-da howluly ýerlerde ulanylýan mebel diýip düşünýärler. Şeýle-de bolsa, dizaýnerler bu hili çözgütler babatda oýlanyşykly netije çykarmak bilen, örülen ajaýyp zatlary döwrebap öýleriň hem dürli görnüşlerine sazlaşykly görnüşde ýerleşdirmegiň uslybyny dessin tapýarlar.

Örülen mebelleri döwrebap öýüň interýerinde nähili ulanmalydygy barada «NG Kutahya» dükanynyň wekili jikme-jik gürrüň berdi.

Aksent hökmünde. Örülen oturgyç ýa-da žurnal stoly islendik otaga aýdyň aksent bolup biler.

Dynç alyş zolagyny döretmekde. Örülen mebeller balkonda, lojjiýada ýa-da myhman otagynda oňaýly dynç alyş zolagyny döretmäge ýardam eder.

Bezegiň üstüni ýetirmek üçin. Örülen mebel, ýene bir tarapdan, eýýäm taýýar bolan bolan interýeriň üstüni ýetirip, oňa rahatlyk we ýylylyk goşup biler.

Örülen mebeller näme sebäpden beýle köptaraply?

Ekologiýa oňyn täsirli. Örülen mebel, adatça, tebigy materiallardan — rotanga, bambuk, loza ýaly tebigy materiallardan ýasalýar. Bu diňe bir ekologiýa taýdan arassa we saglyk üçin howpsuz bolman, eýsem öýe özboluşly tebigylyk berýär.

Ýeňilligi we uly ýer tutmaýandygy bilen tapawutlanýar. Örülen mebel göze görnüşi babatda hem uly ýer tutmaýar. Bu bolsa onuň kiçi göwrümli otag üçin hem laýyk bolýandygy.

Köpdürlüligi. Örülen mebeli myhman otagynda, aşhanada, ýatylýan otagda, koridorda ýa-da balkonda hem ulanyp bolar.

Stilleriniň dürlüligi. Häzirki wagtda örülen mebelleri nusgawydan döwrebap minimalizm görnüşlerine çenli dürli stillerde tapmak bolýar.

«NG Kutahya» dükanynyň hünärmeniniň käbir maslahatlary:

- örülen mebeli saýlanyňyzda öýüňiziň interýerine üns beriň;

- öý gurşawyňyzy örme zatlar bilen hem doldurmaň;

- örülen mebelleri has oňaýly etmek üçin ýapynja, ýassyk ýaly dokma önümlerini ulanyň.

Türk brendiniň santehnika we mebel önümleriniň «NG Kutahya» dükany örülen mebelleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär:

• diwanlar we kreslolar;
• ýumşak oturgyçlar;
• yranýan oturgyçlar;
• kofe stollary;
• oturgyçlar we nahar stollary.

Bu ýerde hödürlenýän ähli modeller mebelleri has rahat edýän ýumşak ýassyklar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň daşlyklary hapalanan ýagdaýynda bolsa ýeňillik bilen ýuwup bolýar.

«NG Kutahya» dükanynyň örülen mebeli bilen öýüňizde özboluşly atmosferany dörediň!

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy;
  • telefon belgisi: 611 611;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar