Soňky habarlar

Arhiw

Robototehnikanyň esaslary. Çagalara robot ýasamagy nädip öwredip bolar

0
32873

Robototehnika — bu bilim üçin ählumumy guraldyr. Çagalara robot enjamlaryny ulanmagy öwretmek şol bir wagtyň özünde oýnamak we tehniki döredijilik bilen öwrenmegi aňladýar. Bilim beriji robot enjamlary başlangyç döwürde okuwçylaryň tehniki meýillerini kesgitlemäge we olary bu ugurda kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Çaga ilki bilen taslamanyň ösüş tapgyryna gatnaşyp, ýönekeýden çylşyrymly amallara geçmeli, soň bolsa modeliň ähli jikme-jik aýratynlyklarynyň jemleýji ýygnanyşygynda gutarnykly netijäni almaly. Ilkibaşda çaga göz öňünde tutulan hereketleri ýerine ýetirip, goýlan meseleleri çözüp bilýän önümi döreder. Öz ilkinji modellerini döretmek bilen çagalar ilkinji gezek konstruirlemegiň we programmirlemegiň esasy ýörelgelerini öwrenýärler.

Ýeri gelende robotlary işläp taýýarlamagy öwrenmegiň şu tapgyrlardan ybaratdygyny bellemek gerek.

Shemotehnika

Bu robototehnikanyň esasy modulydyr. Bu babatda öwreniji elektrik düşünjeleri we elektrik shemalary gurmagyň ýörelgeleri bilen tanyşdyrylýar. Elektrik enjamlaryň işleýiş aýratynlyklary açylýar, shemalary okamak we ýönekeý önümleri özbaşdak ýygnamak öwredilýär. Bu iş şu aýratynlyklary özünde jemleýär:

- iň ýönekeý element bazasynyň nazary esaslary;
- shemotehnikanyň esaslary we elektrik shemasynyň gurluşygy;
- esasy shemalary işläp düzmek;
- enjamlaryň synag we stend modellerini ýygnamak

Programmirlemek

Munda robotlar üçin degişli bolan buýruklar ýazylýar. Bu modulda öwrenijiniň algoritmleriň çäginde öwrenmegiň çylşyrymlylygy we hereketleri hem-de täsirleri logiki zynjyrlara baglanyşdyrmak ukyby ýokarlanýar. Çylşyrymly material, anyk meňzeşlik we sapak wagtyndaky amaly ulanyş bilen ýakyn baglanyşyk sebäpli öwrenmek aňsatdyr.

Roboty ýygnamak

Bu işiň amaly bölegi bolup, onda çaga tarapyndan oýlanyp tapylan robot döredilýär. Okuwçylar oýlap tapyş meselesini çözmegiň teoriýasy barada düşünje alýarlar — bu oýlap tapyş ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen we ýokary tehniki okuw jaýlarynyň amaly derslerine esaslanýan moduldyr.

Çagalar ylym we tehnologiýanyň dürli ugurlarynda bilim alýarlar, şeýle hem täze konstruktorlyk çözgütlerini we inženerçilik meselelerini işläp taýýarlamaklygyň mehanizmlerini öwrenýärler. Munda prototipleri döretmek tehnologiýalary we ideýadan ahyrky önüme çenli ideýany durmuşa geçirmegiň tutuş toplumy göz öňünde tutulýar. 

Robototehnikanyň bu esasy ýörelgeleri, ýa-da başgaça aýdylanda önümçilik tapgyrlary çagalaryň roboty oýlap tapmagyna giňden ýardam berýär. Bu ugurda robotlaryň işlenip taýýarlanylmagyna esaslyk nazary bilimler we amaly tejribeler hökmany zerurdyr. Çagalara robotlary taýýarlamagy öwretmekde degişli çözgütleri durmuşa geçirmek babatda

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýe bolup, ondan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda robotlary taýýarlamagyň hem uly hyzmatynyň bardygyny bellemeli.

Robot taýýarlamak babatda ýokarda aýdylan ýörelgeleri özleşdirmekde Türkmenistanda bu ugurda üstünlikli taslamalary ýola goýmaga mümkinçilik berýän «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti tarapyndan birnäçe gysga möhletli okuwlar alnyp barylýar.

Hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Robot tehnikasyna başlaýanlar üçin» gysga möhletli okuwlar (6-13 ýaşlar aralygynda) guralýar. Esasan, bu okuw kursunda çagalara mBlock robotlaryny we programma üpjünçiligini öwrenmekleri üçin sapaklar geçilýär. Okuwlar hepdäniň duşenbe hem-de şenbe günleri aralygynda sagat 08:00-dan 13:00 çenli dowam edýär. Bu okuwlary tamamlanyndan soňra çagalara şahadatnamalar gowşurylýar.

«Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti mundan başga hem Kompýuter sowatlylygy (Windows operasion ulgamlary, Microsoft Word ýazgy redaktory, Microsoft Excel tablisa prosessory, Kompýuter torlary, Internet), Tor tehnologiýasy (Torlary we serwerleri dolandyrmak, Network we Server Administration), Programmirleme dilleri (Algoritmleşdirmegiň we programmirlemegiň esaslary, HTML we CSS programmirleme dilleri, PHP programmirleme dili, JAVA programmirleme dili) ýaly birnäçe gysga möhletli okuwlary guraýar. 

Robototehnikanyň esaslary we amalyýeti, şeýle-de programmirleme hem-de kompýuter sowatlylygy bilen bagly bu okuwlary okamaga isleg bildirýän ýaşlar «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň it.net.tm resmi web saýtyna girmek arkaly okuwlar barada giňişleýin maglumatlary alyp, şeýle-de okuwlara ýazylyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar