Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow

1
55206

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sany 9 adamdan ybarat. Dalaşgärleriň biri Serdar Berdimuhamedowyň terjimehaly we saýlaw maksatnamasy bilen tanyş edýäris.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň terjimehaly

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.

1987 — 1997-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 43-nji orta mekdepde okady.

1997 — 2001-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okady we ony inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady.

2001-nji ýylyň iýul — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi.

2001 — 2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2003 — 2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň miwe-gök ekin senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni, alkogolsyz piwo we çakyrçylyk senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.

2008 — 2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol ýyllarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.

2011 — 2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we Ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.

2013-nji ýylyň awgust — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.

2013 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary wezipesinde işledi.

2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara habarlar departamentiniň başlygy wezipesinde işledi.

2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.

2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinde işledi.

2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işledi.

2019-2020-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinde işledi.

2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinde işledi.

2021-nji ýylyň fewral — iýul aýlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy wezipelerinde işledi.

2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça) wezipesinde işleýär.

Üç dilde — döwlet dilinde, iňlis hem-de rus dillerinde erkin gürläp bilýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň maksatnamasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllyk ösüş ýoluny dowam etdirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak meniň öz öňümde goýan baş maksadymdyr.

Ata-babalarymyzyň beýik mirasy, halkymyzyň asyrlarboýy kemala getiren durmuş ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan medeni-ynsanperwer, aňyýet syýasatyny häzirki döwrüň milli ideologiýasynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüp, jemgyýetde asudalygy, agzybirligi, ruhubelentligi gazanmak baradaky başlangyçlary doly goldamak bilen, bu ugurdaky tagallalary has-da ösdürmegi göz öňünde tutýaryn.

Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has artdyrmak, intellektual ösüşi üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, esasan, häzirki nesilleriň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna baglydyr. Milli jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolan ýaşlar baradaky alada meniň esasy maksatlarymyň biri bolar. Çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleriň döredilmeginiň, ýaş maşgala ojaklaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň, sagdyn durmuş ugrundaky tagallalary ýaşlar syýasatynyň baş ugruna öwürmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap bellemek isleýärin. Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir. Bu işjeňligi ýurdumyzy ösdürmek baradaky beýik işlere gönükdirmek zerurdyr.

Häzir dünýäde uly özgerişler bolup geçýär. Ylmy-tehnologik ösüşiň çalt depgini adamzat ýaşaýşyna, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, durmuşyň düzgün-kadalaryna we ýörelgelerine öz täsirini ýetirýär. Bu ählumumy özgertmelere goşulmak we dünýä ösüşinde öz ornuňy berkitmek üçin döwletiň hem-de jemgyýetiň bitewi aňyýet ýolunyň, bitewi ösüş ýörelgeleriniň, bilelikdäki tagallalaryň örän derwaýysdygyny bellemek gerek.

Garaşsyzlygyň beýik maksatlara beslenen ösüş ýolunda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimiziň binýatlyk esaslary syýasy, kanunçylyk, ykdysady taýdan has berkidildi. Medeni-ynsanperwer ösüşlerimiz milli mirasymyz hem-de häzirki zamanyň ruhy-aňyýet talaplary esasynda ýokary derejelere ýetirildi. Milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylan özgertmeler ýurdumyzyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, sebitleriň zähmet bölünişigini kadalaşdyrmaga, ösüş maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ägirt uly taslamalaryň we başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berdi.

Halkymyz amala aşyrylan beýik işlere mynasyp baha berýär. Maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Döwlet tarapyndan öňe sürülýän syýasy-hukuk, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer başlangyçlary goldaýar. Munuň özi ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr, daýanjydyr, berkarar döwletimiziň baky sarsmazlygynyň kepilidir.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmegiň täze tapgyry başlanýar. Bu döwrüň hem üstünliklere, ösüşlere beslenmegi ýurdumyzyň asudalygyna, döwlet bilen halkyň jebisligine baglydyr. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň täze badalgasydyr. Hormatly watandaşlar, bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr. Bu ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr. Bu işlerde bize güýç-kuwwat berjek zat Watan buýsanjydyr, il-ýurt sarpasydyr.

Watanyma, il-günüme ak ýürekden, yhlasly hyzmat etmegi kalbymda besläp, geljek üçin göz öňünde tutýan maksat-niýetlerim şulardan ybarat:

— türkmen halkyny hemmetaraplaýyn bagtyýar durmuşy üpjün edilen, ýokary şertlerde ýaşaýan, öz milli aňyýeti, dünýäniň öňdebaryjy, ynsanperwer medeni-ruhy gazananlary bilen aň-düşünjesini baýlaşdyrmagy başarýan, ösen millete öwürmekde ýurdumyzda amala aşyrylyp gelinýän özgertmeleri has işjeňleşdireris;

— türkmen döwletiniň, milli jemgyýetiň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirip, milli demokratiýany çuňlaşdyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, halkymyzyň syýasy işjeňligini artdyrmak ugrundaky we saýlaw ulgamynyň işiniň ösdürilmegine, bu ugurda dünýä tejribesiniň giňeldilmegine ýardam berjek çäreleri işläp düzeris;

— döwleti we jemgyýeti dolandyryş ulgamlarynyň işiniň netijeliligini, aýanlygyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda täze özgertmeleri amala aşyrarys;

— halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy bilen bagly iş alyp barýan döwlet we hususy düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak baradaky tagallalary artdyrarys;

— halkymyzyň esasy böleginiň, has hem çet-gyradaky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdireris;

— halkyň öndürijilik güýjüni azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşyndan getirilýän harytlary azaldyp, eksporta niýetlenen önümçiligi ösdürmäge gönükdirmek üçin maksatnamalaýyn çäreleri giňelderis;

— az üpjünçilikli hem-de zähmet işjeňligi çäkli bolan maşgalalara ýardam bermek, olaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak esasy maksatlarymyň biridir;

— ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini giňden ulanmak, sanly ykdysadyýeti giňişleýin ornaşdyrmak, önümçilik bilen ylmyň baglanyşygyny işjeňleşdirmek arkaly makroykdysady görkezijiler boýunça ýokary derejeleri üpjün etmek ýakyn ýyllarda gazanylmaly netijeleriň biri bolar;

— ähli ösüşleriň badalgasy bolan maýa goýum işjeňligini artdyrmak, milli maliýe ulgamynyň işini dünýä standartlarynyň talabyna görä ösdürmek, daşary ýurt hem-de milli maýa goýum mümkinçiliklerini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudaklaryna gönükdirmek baradaky tagallalary ýokarlandyrmagy ösüşiň täze tapgyrynyň zerurlygy hasap edýärin;

— üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini döwrebap ösdürmek baradaky iňňän möhüm işleri dowam etdirip, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüň talabyna görä täze şertlerini döretmegi esasy maksatlaryň biri hasaplaýaryn. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini öwrenmek, olary durmuşa geçirmek ugrundaky wezipeleri netijeli ýola goýmak baradaky talaplar hem öňde duran wajyp işleriň hataryndadyr;

— milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy daýanjy bolan nebitgaz pudagyny dolulygyna sanly ulgama geçirmek, uglewodorod serişdelerini çykarmaga, täze ýataklary gözläp tapmaga we özleşdirmäge öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu pudakda zähmet çekýän adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ösdürilmegine ýardam bermek, önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, turba geçirijileri we ýollary abat ýagdaýda saklamak barada çäreleri görmek häzirki döwrüň derwaýys talaplarydyr. Bu talaplaryň ýerine ýetirilmegi barada alada ederin;

— Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji, hoşmeýilli daşary syýasaty bilen dünýä bileleşiginde uly abraý gazandy. Halkara gatnaşyklaryň häzirki çylşyrymly döwründe daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny has ösdürmek zerurdyr. Çünki biziň ýurdumyz özüniň örän möhüm geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy, dünýä derejeli tebigy baýlyklary bilen halkara syýasatda täsirli orna eýe boldy. Halkara gatnaşyklary ösdürmegiň, döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerurdygy barha äşgär bolýar. Şoňa görä, ýurdumyzyň daşary gatnaşyklar babatdaky syýasy, guramaçylyk güýjüni dolulygyna şu ugra gönükdirmegi möhüm wezipe hasaplaýaryn;

— ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin;

— biziň ýurdumyzda saglyk ulgamy dünýä derejesinde ösdürilen kämil ulgamlaryň biridir. Saglygy goraýşyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmakda, bu ugurda hünärmenleri ýetişdirmekde ägirt uly işler bitirildi. Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda halkymyza lukmançylyk hyzmaty döwrebap esasda ýola goýulýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlişi ýaly, adamlaryň saglygy baradaky aladanyň çägi ýok. Keselleriň öňüni almakda, bejermesi ýeňil bolmadyk keselleri öňünden anyklamakda, lukmanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekde edilýän işler dowam etdiriler;

— ýokary derejeli sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek barada ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Gurulýan stadionlaryň, sport meýdançalarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Paýtagtymyzda gurlan Olimpiýa şäherçesiniň sebitde deňi-taýy ýokdur. Sportuň, bedenterbiýäniň ýörgünli bolmagy, birinjiden, halkyň, esasan hem ýaşlaryň saglygy üçin uly ähmiýetli bolsa, ikinjiden, dünýäde ýurduň sport abraýynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär. Biziň ýaşlarymyz halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp başladylar. Geçen ýyl bolsa türgen gyzymyz Ýaponiýada geçen tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala eýe boldy. Bu ugurda gazanylýan netijeleri ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görerin. Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir;

— her bir halk dünýäde medeniýeti bilen tanalýar. Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr. Häzirki döwürde-de döwlet syýasatynda medeniýetiň aýratyn uly orny bar. Türkmen medeniýetiniň, milli mirasynyň döwrüň ruhy gymmatlyklarynyň hem halkara derejede abraýyny artdyrmak baradaky maksatnamalary amala aşyrmagy göz öňünde tutýaryn;

— dünýäde pandemiýa zerarly gatnaşyklar çäkli bolsa-da, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi uludyr. Şoňa görä, geljekde içerki hem halkara syýahatçylygy ösdürip, bu pudagy diňe bir saglyk we medeniýet babatda däl-de, ykdysady taýdan hem bähbitli ugra öwürmek üçin ähli tagallalary ederin.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr» diýlip kesgitlenendir. Biziň zähmetsöýer, merdana halkymyzyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmek döwlet Baştutanynyň esasy wezipesidir. Türkmen halky Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ösüş ýolunda özerkliligiň, erkanalygyň ähmiýetine düýpli göz ýetirdi, gadyr-gymmatyny ýürekden duýdy. Eziz Watanymyzyň saýasynda başymyz belentdir, abraýymyz ýokarydyr. Bereketli boz topragymyz, belent daglardan akýan çeşme-çaýlarymyz, joşgunly derýalarymyz, gök deňzimiz bereket-baýlygyň egsilmez çeşmesidir, bagtymyzyň gözbaşydyr. Asuda, arassa asmanyň astynda Türkmenistan atly beýik döwletde durmuşyň gülläp ösmegi, dowamat dowam bolmagy üçin biz öz bagtyýar döwrümize, sarsmaz döwletimize guwanyp ýaşamalydyrys. Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys.

Men halkymyzyň Garaşsyzlygyň mukaddes ýolundan geljege tarap belent arzuwlar bilen gitjekdigine, ähli maksatlaryna ýetjekdigine ynanýaryn. Beýik maksatlardan doly bu ajaýyp ýolda halkymyzyň hemişe ýanynda boljakdygyma, onuň bähbitlerini gorajakdygyma ynandyrmak isleýärin. Ajaýyp geljegiň arzuw-maksatly ýolunda biziň hemmämize rowaçlyklar ýaran bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar