Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Çehiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

12:5221.07.2025
0
16376
Türkmenistanyň ilçisi Çehiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Surat: Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy

Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena ş.) H.Amannazarow Çehiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Jiçi Kozak bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň saýtynda habar berildi.

Duşuşykda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ykdysady öşüşini gazanmakda bar bolan mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň