ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz haýyş boýunça «Coca-Cola» kompaniýasynyň amerikan bazaryna ýerleýän gazly içgisiniň reseptini üýtgetmäge razy bolandygyny habar berdi.
«Men «Coca-Cola» bilen içgide hakyky şekerçiňrik şekerini ulanmak mümkinçiligi barada pikir alyşdym, olar muňa razy boldular. Men kompaniýanyň ähli ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmekçi. Bu olar tarapyndan örän oňat ädim bolar, ine, görersiňiz! Şeýdilse, diňe gowy bolar!» diýip, Tramp özüniň «Truth» sosial tordaky sahypasynda ýazdy.
«Coca-Cola» geçen çarşenbede resmi saýtynda kompaniýanyň Prezident Trampyň bu meşhur içginiň geljegi barada içgin gyzyklanmasyndan ruhlanýandygyny ýazdy.
Häzirki wagtda «Coca-Cola» amerikan bazaryna adybir gazly suwy ýerleýär, emma şekerçiňrigi şekeriniň ýerine ýokary fruktozaly mekgejöwen siropyny ulanýar.
Tramp düzüminde şekeri çalşyjylar bolan berhizlik «koka-kolany» halaýar. Onuň birinji Prezidentlik möhleti wagtynda Ak Tamdaky iş otagynda bu içgini sargyt etmek üçin ýörite düwmäniň ýerleşdirilendigi habar berlipdi.
Bu barada «Daryo.uz» ýazýar.