Demirgazyk Karolina ştatynyň ýaşaýjysy öz ýüregini diňläp, lotereýa oýnunda 1 million dollar utdy diýip, UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýagny ştatynyň Senford şäheriniň ýaşaýjysy Riki Nannerileriň kiçisi öz içki duýgusynyň lotereýa petegini satyn alyp, ummasyz pul utmaga kömek edendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, köpden bäri iri möçberde utuş barada arzuw edipdir. Bir gezek oňa duýgusy basym durmuşda şowlulygyň gülüp bakjakdygyny duýdurypdyr. Bu ynanjy şeýlebir güýçli ekeni welin, Nanneri oňa bütin durky bilen ynanypdyr.
«Nämedir bir zat maňa lotereýa oýnamagy salgy berdi, meniň köp pul utasym gelýärdi» diýip, ol gürrüň berýär.
Ol indi utuşyny hasaplary üzlüşmäge hem-de uzak möhletli maýa goýumlara sarp etmekçi. Erkek kişi bu wakadan heniz hem aýňalyp bilmeýändigini aýdýar.