Jöwzaly gün — bu açyk howada dynç almakdan ýüz öwürmek üçin sebäp däldir! «Maksatly Türkmen» kompaniýasy size häzirki zaman süýşürilýän saýa berijileri hödürleýär, olar sizi elmydama gün şöhlesinden, ýagyşdan we şemaldan gorarlar.
Tomus rahatlygy üçin iň gowy çözgüt:
Terrasalar we eýwanlar üçin — hatda iň yssy günlerde hem rahatlygy duýup bilersiňiz.
Tomusky kafeler üçin — myhmanlaryňyzy ýakymly salkynlyk bilen üpjün ediň.
Daçalar we şäheriň daşyndaky öýler üçin — ýakymly dynç alyş zolagyny dörediň.
Howa şertlerinden akylly gorag:
Biziň saýa berijilerimiz şemal duýujy abzal bilen üpjün edilendir — ol güýçli ýel bolan ýagdaýynda tenti awtomatiki usulda ýygnaýar we zeper ýetmegiň öňüni alýar. Şeýle-de, elektrikli dolandyryş ony ulanmagy has aňsat hem amatly edýär.
Stil we ygtybarlylyk:
Berk metal çarçuwasy, aşa durnukly matalar we döwrebap dizaýn — «Maksatly Türkmen» kompaniýasynyň saýawanlaryny diňe amaly taýdan peýdaly etmän, eýsem islendik howlynyň ýa-da açyk meýdançanyň ajaýyp bezegine öwürýär.
Bu tomsy rahatlykda geçiriň!
Habarlaşmak üçin:
Salgysy: Aşgabat, G. Kulyýew köçesi, 28-nji bina;
Telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
Sosial tordaky sahypasy.