Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Afrikada tapylan iň uly mars asmandaşy 4 million dollara satylar

03:0615.07.2025
0
19602

Ýerde şu wagta çenli tapylan Marsdan gaçan bölekleriň iň ulusy 16-njy iýulda «Sotheby's» söwda auksionynda 2-4 million dollar deslapky baha bilen satuwa çykarylar.

NWA 16788 diýlip at berlen meteoritiň agramy 24,67 kilogram bolup, ol özünde biziň planetamyzda belli bolan mars magdanlarynyň 6,5 göterimini düzýär.

Söwda öýüniň habar bermegine görä, bu örän seýrek daş Marsyň üstünde asteroidiň güýçli urgusy netijesinde 140 million mil kosmos giňişligini geçip, Ýeriň atomosferasyna aralaşypdyr. Şondan soňra Sahara çölüne düşüpdir. Ony asmandaşlary gözlemek bilen meşgullanýan hünärmen 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Nigerden tapypdyr.

Ýerde ykrar edilen 77 müňden gowrak asmandaşlaryň diňe 400-si mars gelip çykyşly bolup, olaryň umumy agramy bary-ýogy 374 kilogramdyr diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň