Şu gün, 13-nji iýulda belli türkmen aýdymçysy, aýdymlaryň awtory we ýerine ýetirijisi, şeýle-de kinoaktýor Eldar Ahmedow öz doglan gününi belleýär. Aýdymçy şu ýyl 37 ýaşaýar.
Eldar Ahmedow 1988-nji ýylda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda dünýä inýär. Ol çagalyk döwründen aýdym-saz bilen gyzyklanmaga başlaýar. Ýaş ýigit 10 ýaşynda ilkinji gezek toýlarda we baýramçylyk çärelerinde sahna çykypdyr.
Halk tarapyndan söýlüp kabul edilen aýdymçynyň döredijiliginde birnäçe albom, şeýle-de 300-den gowrak aýdym bar. Ol 2009, 2011 hem-de 2020-nji ýyllarda geçirilen «Türkmeniň Altyn Asyry» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şu üstünlikleriniň miwesi hökmünde Eldar Ahmedow 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen ada mynasyp boldy.
Aýdym-sazdan başga-da, Eldar Ahmedow kino sungatyna hem işjeň gatnaşýar. Ol baş keşplerde çykyş edip, 15-den gowrak filmde surata düşüpdir. Şeýle-de şol filmlerde ol kompozitor we prodýuser hökmünde hem çykyş edipdir.
Aýdymçy häzirki wagtda maşgalasy bilen Aşgabatda ýaşaýar. Onuň üç çagasy — iki ogly we bir gyzy bar.