Lebap welaýatynda bugdaý üçin hasaplaşyklar oragyň başlanan ilkinji günlerinden yzygiderli geçirilip gelinýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasy döwlete tabşyrylan bugdaý üçin eýýäm 115 million 320 müň manat puly daýhanlaryň we önüm öndürijileriň şahsy töleg kartlaryna geçirdi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň 1 tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manada barabar boldy.
Bugdaý hasylynyň oragy dowam edýär. Ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyklar hem her günde geçirilip dur. Bu bolsa ýere hyzmat edýänleri hasyly ýitgisiz we çalt ýygnamaga tijendirýär diýlip, habarda bellenilýär.