«Emeli aňyň çokundyran atasy», britan we kanadaly alym Jeffri Hinton neýrotoruň adamlary iň bolmanda golaý wagtda çalşyp bilmejek hünärlerini sanady diýip, «Business Insider» neşirine salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.
Hünärmeniň pikirine görä, «häzirki wagt santehnik bolmak üçin amatly pursatdyr».
Hinton tehnologiýalaryň ähli zat babatda adamzatdan öňe saýlanjakdygyna ynanýar, emma muňa garamazdan, hut häzir has howpsuz hünärleriň birnäçesini agzamak bolar. Mysal üçin, tehnika adam golunyň zähmeti bilen bagly hünärlere dalaş edip bilmez. Emma neýrotorlar akyl zähmetini talap edýän ugurlarda adamy çalşyp bilerler. Ol şeýle ulgamlaryň hatarynda lukmançylygy görkezdi, sebäbi ol pudakda neýrotorlaryň işine isleg barha artýar.
Hinton öň «Google» bilen hyzmatdaşlyk etdi we neýrotorlary döretmekdäki işi üçin «Emeli aňyň çokundyran atasy» diýen lakam aldy diýlip, habarda bellenýär.