Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda uçar ýykyldy, bir ýolagçy aman galdy

09:2613.06.2025
0
18906
Hindistanda uçar ýykyldy, bir ýolagçy aman galdy
Surat: Investigator.org.ua

Hindistanda 12-nji iýunda bolan uçar heläkçiliginde ýolagçylaryň 242-si pida boldy, diňe bir ýolagçy halas boldy diýip, ýurduň polisiýasy habar berdi. Heläkçilik Ahmedabat şäheriniň howa menziliniň ýanynda şäheriň çäginde boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.

«Air India» kompaniýasyna degişli «Boeing Dreamliner» kysymly uçar Meganinagar ilatly etrapdaky lukmançylyk kollejiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň binasyna gaçdy. Diňe ýolagçylar däl, ýaşaýjylaryň arasynda-da gurban bolanlar bar.

Habar beriş serişdeleri uçarda Hindistanyň, Beýik Britaniýanyň, Portugaliýanyň we Kanadanyň raýatlarynyň, şol sanda çagalaryň hem bolandygyny habar berýärler. Uçar Londona ugur alyp asmana göterilen dessine betbagtçylyk duýduryşyny beripdir.

«ANI» habarlar agentligi «Air India» kompaniýasynyň «Boeing 787» uçarynyň heläkçiliginde bir adamyň halas bolandygyny habar berdi. Ol 38 ýaşly Rameş Wiswaşkumaru bolup, Britaniýanyň raýatydyr. Ol uçarda göge galandan 30 sekunt soňra elhenç gümmürdi bolandygyny, ähli zadyň ýyldyrym tizliginde bolup geçendigini gürrüň berdi.

«Boeing» kompaniýasynyň paýnamalary heläkçilikden soňra 8 göterim hümmedini ýitirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň