Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň taryhy wakalaryna gatnaşdy

00:1512.09.2024
0
5329

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahundyň gatnaşmagynda, Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy – Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary boldy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu dabaralara sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany dabaralara gatnaşyjylara hem-de ähli watandaşlaryna ýüzlenip, bu gün goňşy we sebit döwletleriniň halkyna hyzmat etjek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçiriji taslamasynyň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlap, türkmen halkynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden ugur alyp, bu gün türkmen-owgan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, iki halkyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şeýle giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu taslamalary goldandygy we olary amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin, owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti şu günki desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralarynyň başlanýandygyny yglan etdi. Döwlet Baştutany nobatma-nobat degişli desgalaryň ulanmaga berilmegine we iri taslamalaryň gurluşygyna girişilmegine ak pata berdi.

Taryhy waka öwrülen bu dabaralara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy. Dabaralara Aşgabadyň "Ýyldyz" myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumyna, ýurduň milli ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata we ugurdaş sergilere gatnaşyjylar hem göni ýaýlymda tomaşa etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň