Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Demir ýol kompaniýasynyň inženerini galp arzasy üçin jenaýata çekdiler

09:5807.09.2024
0
10744

Günorta Afrika Respublikasynda kazyýet ýerli demir ýol kompaniýasynyň inženerini galp terjimehaly üçin jenaýat jogapkärçiligine çekdi we 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Bu barada «360» portalyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

49 ýaşly Deniel Mthimkhul işe girmekçi bolanda, özüniň Witwatersrand uniwersitetini tamamlandygyny, ol ýerde hünäri boýunça dissertasiýa gorandygyny hem-de öz hünärini kämilleşdiriş boýunça birnäçe diplomyň eýesidigini görkezipdir.

Mthimkhuly kompaniýanyň baş inženeri wezipesine işe alypdyrlar. Ol kompaniýada bäş ýyl işläp, bu döwürde 15 million rend hak alypdyr.

Emma 2015-nji ýylda Mithumkhulyň kezzaplygynyň üsti açylypdyr. On ýyla golaý dowam eden derňew wagtynda erkek kişiniň diňe orta bilimlidigi anyklanypdyr. Onuň diplomy-da, alymlyk derejesi-de ýok ekeni. Ýalançyny 15 ýyl azatlykdan mahrum edipdirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň