Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda açylan täze harby mekdep lazerli türgenleşik otagy bilen enjamlaşdyrylandyr

14:4702.09.2024
0
14688

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda açylan Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdep, geljekki harby gullukçylary hemmetaraplaýyn taýýarlamak üçin häzirki zaman bilim serişdeleri bilen doly üpjün edilendir.

Mekdebiň innowasiýa serişdeleriniň hatarynda ýaragdan atyş endiklerini, has dogrusy ýaragdan atmagyň takyklygyny we çalasynlygyny özleşdirmek üçin lazerli türgenleşik otagy bar.

Bu otag toparlaýyn türgenleşikler üçin niýetlenendir. Onda ýaraglary we esbaplary saklamak üçin bölüm, esasy oýun meýdançasyny bar.

Türgenleşikler üçin lazer sensorly ýörite başgaplar, elektron ýaraglar, ýokary duýujylykly goranyş serişdeleri ulanylýar.

TDH-nyň habar bermegine görä, harby okuwçylar toparlara bölünip, emeli päsgelçilikleriň arasynda söweş tilsimlerini ele alýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň