Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TDBGI-de milli reýting bahalandyrmasynyň ýeňijileri sylaglandy

13:1707.07.2025
0
22611

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda reýting bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Reýting bahalandyrmasy internet ulgamy arkaly hereket edýän milli reýting ulgamy tarapyndan geçirilip, ýokary hünär biliminiň ähli ugurlarynda hakyky wagt tertibinde maglumatlary toplamak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda olardaky fakultetleriň, kafedralaryň we pedagogik işgärleriň görkezijileri jemi 6 ugra esaslanýan 53 görkeziji boýunça geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Netijede, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty görkezen umumy ball görkezijisiniň netijesi boýunça 4-nji orna, mugallymlaryň we talyplaryň sanyna (kontingent) gatnaşykda bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Degişli görkezijiler boýunça:

  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýasy fakulteti, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň fakultetleriniň arasynda 2-nji orna,
  • diller kafedrasy bolsa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynyň arasynda 3-nji orna,
  • ýokary matematika kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Sähetgylyç Gylyjow ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda institutyň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Reýting bahalandyrmasy Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky 246-njy buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama» laýyklykda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň