2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky ýagdaýa görä, Gazagystanyň ilaty 20159070 adama deň boldy, bu barada Milli statistika edarasy habar berdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Geçen alty aýda ýurduň ilaty 125867 adam artdy, munuň 118579-sy tebigy ösüş we 7289-sy göçüp gelenleriň hasabynadyr.
Ilat sanynyň artmagy, esasan, Astana, Şymkent we Almaty şäherlerinde hasaba alyndy. Şu döwürde Gazagystanda şäherlileriň sany 12 573 637 we obalylaryň sany 7 586 070 adama deň boldy.