Turkmenportal logo
30.07.24
66376637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda AFK-nyň tälimçilik ygtyýarnamalaryny almak üçin okuwlaryň jemleýji tapgyry geçirilýär
Aşgabatda AFK-nyň tälimçilik ygtyýarnamalaryny almak üçin okuwlaryň jemleýji tapgyry geçirilýär

29-njy iýulda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň jemleýji, 7-8-nji modullaryna badalga berildi. Jemleýji modullary 15-njy awgusta çenli dowam etjek tälimçilik okuwynyň dowamynda gatnaşyjylar nazaryýet hem-de tejribe sapaklaryny geçerler. Tälimçilik okuwynyň nazaryýet sapaklary “Ýyldyz” myhmanhanasynda, tejribe sapaklary bolsa “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilýär. Tälimçilik okuwynyň ilkinji alty modullarynyň geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýylyň başyna eçirilendigini ýatladýarys.


Tälimçilik kursy UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirilýär.


Tälimçilik okuwy nazaryýetdir tejribe sapaklaryny öz içine alyp, oňa ýerli tälimçileriň 15-si gatnaşýar (ýurdumyzyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň hem-de ýygyndy toparymyzyň tälimçileri).


Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwyny 2023-nji ýylyň 21-nji awgusty bilen 2024-nji ýylyň 15-nji awgusty aralygynda geçirmekligiň meýilleşdirilendigini bellemek gerek. Dört tapgyrda geçirilýän tälimçilik okuwy 8 moduldan ybarat bolar.


Tälimçilik okuwynyň soňunda bellenilen synaglary üstünlikli tabşyranlarа AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.

Afişa

Makalalar

Aşgabatda AFK-nyň tälimçilik ygtyýarnamalaryny almak üçin okuwlaryň jemleýji tapgyry geçirilýär