Turkmenportal logo
30.07.24
81778177
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jokowiç Olimpiýa oýunlarynyň ikinji tapgyrynda Nadaldan üstün çykdy
Jokowiç Olimpiýa oýunlarynyň ikinji tapgyrynda Nadaldan üstün çykdy

Dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň ikinji tapgyrynda Rafael Nadaly uly hasap bilen ýeňdi. Has takygy, iki ýyldyzyň arasyndaky duşuşyk serbiýaly tennisçiniň 6:1 we 6:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Şeýlelikde, ady rowaýata öwrülen iki tennisçi biri-biri bilen 60-njy gezek duşuşyp gördüler. Bu duşuşyklarda Jokowiçiň 31, Nadalyň bolsa 29 ýeňşi bar.


Erkekleriň arasynda ýekelikde 24 gezek «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýeňijisi bolan Jokowiç Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyna sary ynam bilen barýar. Onuň indiki garşydaşy germaniýaly tennisçi Dominik Kofer bolar.


Häzirki wagtda ATP-niň sanawynda 161-nji orny eýeleýändigine garamazdan, 38 ýaşly Nadal tennis taryhynyň iň köp baýrak gazanan wekilidir. Ol «Uly tuwulgalarda» 22 gezek çempion boldy. Şeýle hem tennisçi Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempionydyr.


Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlary 7-nji awgusta çenli dowam eder.

Afişa

Makalalar

Jokowiç Olimpiýa oýunlarynyň ikinji tapgyrynda Nadaldan üstün çykdy