ABŞ-nyň alymlary Ýeriň ýadrosynyň öz aýlaw ugruny üýtgedip biljekdigi barada netijä geldiler diýip, bu ugurda geçirilen ylmy barlaglara salgylanýan «News.ru» habar berýär. Görlüp oturylsa, ýadro planetanyň özi bilen sazlaşyklylykda aýlanmaýan ekeni diýlip, habarda bellenýär.
Ýagny ýeriň ýadrosynyň aýlaw ritmini we çaltlygyny ýertitremeleriň urgy tolkunlary boýunça anykladylar. Alymlar ýadronyň tutuşlygyna bir jynsdan we aňrybaş derejede togalak däldigini düşündirýärler, ýagny ýadronyň bir tarapy käbir ýerde has dykyzdyr.
Hünärmenler ýadronyň Ýeriňkiden aýratyn öz okunyň daşyndan we belli bir döwürde aýlanýandygyny belleýärler. Ol bütin planeta ýaly şol bir ugur boýunça däl-de, tersine aýlanyp biler. Bu iki sany gapma-garşy güýçler sebäpli, ýagny bir tarapdan, ýeriň gaty özeni suwuk daşky ýadronyň içinde ornuny üýtgetmek netijesinde tizligini artdyrsa, beýleki tarapdan, ýadro planetanyň dartyş güýji sebäpli tizligini peseldýär.
Alymlar toparynyň barlaglarynyň netijeleri boýunça 2003-2008-nji ýyllarda ýadro Ýer bilen ugurdaş aýlanan bolsa, 2008-2023-nji ýyllarda tersine aýlandy. Alymlar onuň ugruny üýtgetmeginiň gije-gündiziň dowamlylygyna sähelçe üýtgeşme girizjekdigini, emma adam üçin täsiriniň duýulmaz derejede boljakdygyny bellediler.