Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arsenal» APL-yň turnir tablisasynda birinji orna dolandy

05:3313.05.2024
0
8160

Londonyň «Arsenal» kluby Angliýanyň premýer-ligasynyň 37-nji tapgyrynda «Mançester Ýunaýtedi» ýeňlişe sezewar etdi. Mançester şäherindäki «Old Trafford» stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Oýundaky ýeke-täk gol 20-nji minutda Laendro Trossard tarapyndan derwezä gönükdirildi.

Şeýlelikde, 37-nji tapgyrdan soňra 86 utuk bilen turnir tablisasynda birinji orna dolandy. London kluby häzirki wagtda «Mançester Sitiden» 1 utuk öňde barýar. Ýöne «Mançester Sitiniň» bir oýun az geçirendigini hem bellemek gerek. «Şäherliler» 14-nji maýda 34-nji tapgyryň soňa süýşürilen oýnunda myhmançylykda «Tottenhem» bilen güýç synanyşarlar.

Ýaryşyň soňky tapgyrynda «Arsenal» öz öýünde «Ewerton» bilen, «Mançester Siti» bolsa öz meýdançasynda «West Hem» bilen oýnar. Soňky tapgyryň ähli oýunlary 19-njy maýda geçiriler.

«Mançester Ýunaýted» 36 oýunda toplanan 54 utuk bilen 8-nji ýerde barýar. Bu topar ýaryşdaky indiki oýnuny 15-nji maýda «Nýukasla» garşy geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň