Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti talyp ýaşlar üçin halkara ylym-bilim çäreleriniň tapgyryny gurar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, 15 — 20-nji aprel aralygynda bu ýokary okuw mekdebi informatika boýunça II Açyk Halkara olimpiadasyny (OIOIUS-2024), şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisini geçirer.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti informatika boýunça olimpiada, ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag işler bilen meşgullanýan we öňde boljak halkara wakalaryň çäklerinde bilimlerini we ukyplaryny görkezmek isleýän talyplaryny çagyrýar.
(+99312)39-14-57 telefon belgä jaň edip ýa-da hngu.olimp@gmail.com elektron salgy boýunça goşmaça maglumatlary alyp bolar.