«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy Arkadag şäheriniň edara-kärhanalaryny elektron we kompýuter enjamlarynyň 2000-e golaýy bilen üpjün etdi

18:1207.02.2024
0
46945

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan Arkadag şäherindäki onlarça edara-kärhanalara 2000-e golaý kompýuter enjamlary, dürli ölçegdäki monitorlar we barkod enjamlary üstünlikli ornaşdyryldy. Bu barada «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy «Turkmenportala» habar berdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň 1-nji synpa bara okuwçylary hem «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilen «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat aldylar.

Ýeri gelende bellesek, «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy türkmenistanlylar üçin elýeter, döwrebap kompýuter we ykjam smart enjamlaryny öndürýän milli kärhanadyr. Kärhana şol bir wagtyň özünde interaktiw panelleri hem öndürýär hem-de bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepleri üçin hem elektron gollanmalar we bu ugurda barha kämilleşdirilýän kompýuter önümçiligi babatdaky taslamalary-da durmuşa geçirýär.

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy dünýä belli «Microsoft» we «Intel» kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde kärhananyň hünärmenleri ady agzalan meşhur kompaniýalarda hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik alýarlar hem-de şol maksat bilen bilelikdäki okuw sapaklary guralýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň