Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komiteti «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan raýatlaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu bäsleşigiň düzügnnamasy «Maru — şahu jahan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
Düzgünnamada belenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça ýazan çeper we publisistik işlerini (publisistika, çeper döredijilik we goşgular toplumyny) bäsleşige hödürläp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar döreden eserlerini «Ýörite bäsleşige» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary (ady, familiýasy, okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, iş, öý ýa-da el telefony) goşmalydyrlar.
Bäsleşige hödürlenen makalalar, oçerkler, hekaýalar, goşgular toplumy ýörite düzülen eminler topary tarapyndan gözden geçirilip, ýeňijiler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň we «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisinde tassyklanylar.
Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenilýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri TDP-niň welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň Hormat hatlary bilen sylaglanylar.
Bäsleşikde şu aşakdaky baýrakly orunlar bellenilýär:
Publisistika (makalalar, oçerkler, we beýlekiler ) boýunça
- 3 sany baýrak.
Çeper döredijilik (hekaýatlar, rowaýatlar, tymsallar we beýlekiler) boýunça
- 3 sany baýrak.
Goşgular toplumy boýunça
- 3 sany baýrak.