Top.Mail.Ru

ABŞ-da Rim Papasy Lew XIV çagalygyny geçiren öýi satyn alyndy

10:4612.07.2025
0
25558
ABŞ-da Rim Papasy Lew XIV çagalygyny geçiren öýi satyn alyndy
Surat: Belta.by

ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäheriniň etegindäki Doltonyň häkimiýetleri Rim Papasy Lew XIV çagalygyny geçiren öýi söwda auksionynda 375 müň dollara satyn aldy. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan TASS habar berdi.

Öýüň üç ýatak otagy we iki wannasy bar. Ol ýanwarda 66 müň dollara satyn alan rieltor tarapyndan 219 müň dollar nyrh kesilip, söwdalaşyga çykaryldy.

Doltonyň häkimiýetleri indi öýi ýerli jemagat üçin ähmiýetli ýere öwürmek isleýärler.

Rim Papasy Lew XIV 2025-nji ýylyň 8-nji maýynda geçen konklawda Keramatly Pýotryň tagtyna saýlandy. Ol ABŞ-dan bolan ilkinji Rim Papasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň