Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Gunçjou şäherinde geçirilen Kanton ýarmarkasyna gatnaşdy

09:4225.10.2023
0
13610

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri 15-20-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Guançjou şäherinde geçirilen Kanton ýarmarkasyna gatnaşdylar.

Köpugurly foruma gatnaşmagyň çäginde agentligiň wekilleri ýerli teklipleri öwrenmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda-ykdysady we ulag-logistika gatnaşyklaryny berkitmek babatda hytaý kompaniýalary bilen köp sanly duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bu sapar türkmen wekiliýeti üçin Hytaý bazaryny, onuň aýratynlyklaryny we bu ýurtdaky tehnologiki täzelikleri öwrenmäge şert döretdi.

Kanton ýarmarkasy — dünýäniň dürli künjeklerinden işewür we senagat wekillerini birleşdirýän iri halkara forum. Ol ýylda iki gezek giň gerimde geçirilýär. Forumyň dowamynda, esasan, Hytaýa daşary ýurtlardan getirilýän we ýurtdan eksport edilýän ähli harytlar we hyzmatlar köpçülige tanyşdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň