
Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2017-nji ýylyň 24—25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergini geçirýärler.
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagtlary:
24-nji maýda sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
25-nji maýda sagat 10.00-dan 15.00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandibil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-87-86-85, 39-89-49

17.12.2025
1498

15.12.2025
1160

09.12.2025
1776

02.12.2025
4505