Turkmenportal logo

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Kurum Hakkında

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty öz gözbaşyny öňki 1963-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döredilen Türkmen politehniki institutyndan alyp gaýdýar. 2012-nji ýylyň maý aýynyň 25-ne Türkmen politehniki instituty ýapylyp, täze ýokary okuw mekdebi, ýagny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty döredilýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasydyr. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň düzümine Okuw-gurluşyk merkezi, häzirki zaman enjamlary we maşynlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezi,  muzeý, 3 sany umumy ýaşaýyş jaýy, naharhana we stadion girýär. Häzirki wagtda institutda 8 fakultet we 28 kafedra hereket edýär we 4630 sany talyp 10 ugur we 34 hünär boýunça döwrüň talabyna laýyklykda bilim alýarlar. Bakalawr maksatnamasynyň 7 sany ugry boýunça 13 sany taýýarlygyň ugrundan bakalawrlar taýýarlanýar. Institut Türkmenistanyň döwlet we hususy eýeçilikdäki edaralary we kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar we her ýylda 750-dan gowrak ýokary bilimli hünärmenleri goýberýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen ylym we bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary saklaýar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” salgylanyp, institut 10 ugur boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:

  • “Binagärlik”;

  • "Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary";

  • “Informatika we hasaplaýyş tehnikasy”;

  • "Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary";

  • “Elektrik we ýylylyk energetikasy";

  • "Maşyngurluşyk";

  • “Himiýa tehnologiýalary”;

  • "Materiallaryň tehnologiýalary";

  • "Ykdysadyýet we dolandyryş";

  • "Tehniki ulgamlarda dolandyryş".

Bileşim