Turkmenportal logo
Şu gün 12:21
52335233
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada öý telefonlaryna dolanýarlar
Surat: gazeta.press

Russiýada ygtybarly aragatnaşyk ýaýlymlaryna islegiň artmagy bilen baglylykda, öý telefonlaryny oturtmak barada ýüztutmalaryň köpelýändigi hasaba alynýar. Bu barada «Rostelekom» kompaniýasynyň prezidenti Mihail Oseýewskiý habar berdi diýip, «Azertaj» ýazýar.

Mihail Oseýewskiý žurnalistlere beren beýanatynda aýratyn hem ýurduň iri şäherlerinde ykjam aragatnaşygyň işinde näsazlyklaryň yzygiderli hasaba alynýandygy sebäpli, şeýle ýüztutmalaryň artýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, russiýalylar simli aragatnaşygy kepillikli aragatnaşyk usuly hökmünde her bir öýde bolmaly hasap edýärler.

«Rostelekom» kompaniýasynyň ýolbaşçysy stasionar telefonlara işewürlik gurşawda hem islegiň ýokarlanýandygyny nygtady.