Turkmenportal logo
Şu gün 12:05
49144914
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mongoliýanyň Hökümet başlygy işden gitmekçi
Surat: tass.ru

Mongoliýanyň Hökümet başlygy Gombožawyn Zandanşatar ýurduň dolandyryjy Mongol Halk Partiýasynyň (MHP) ýapyk geňeşinde öz wezipesinden aýrylmak barada arza bilen ýüz tutdy. Bu hakynda onuň baş sekretary Ýanguugiýn Sodbaatara salgylanýan TASS habar berdi.

«Bu gün MHP-niň mejlisinde parlamentiň işiniň togtadylmagy netijesinde dörän ählumumy ýagdaýlar we kynçylyklar bilen baglylykda, ýurtdaky durmuş-ykdysady ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnagyň barşynda Premýer-ministr Gombožawyn Zandanşatar öz isegi boýunça işden gitmek barada ýüz tutdy» diýip, hökümet partiýasynyň baş sekretary aýtdy. Ýygnak Beýik döwlet huralynda (ýurduň parlamenti) esasy garşylykçy Demokratik Partiýanyň fraksiýasynyň 18-njy martdan bäri parlamentiň başlygy wezipesinde Nýam-Osoryn Uçral otyrka ýygnaklara gatnaşmakdan ýüz öwürmegi bilen bagly geçirildi. Garşylykçylaryň pikiriçe, Uçral dolandyryjy partiýanyň lideri hökmünde parlamente däl-de, hökümete ýolbaşçylyk etmeli.

Gombožawyn Zandanşataryň işden gitmek barada ýüztutmasyna indi parlamentiň komitetleriniň we deputatlaryň plenar ýygnakda garamagyna hödürlener.

Hünäri boýunça maliýeçi - ykdysatçy bolan Gombožawyn Zandanşatar 2009-2012-nji ýyllarda Mongoliýanyň daşary işler ministri boldy. 2020-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ýurduň Beýik döwlet huralyna ýolbaşçylyk etdi. Emma 2024-nji ýylyň iýunynda parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanyp bilmedi. Soňra Prezidentiň edarasyna ýolbaşçy boldy.