Turkmenportal logo
Şu gün 10:59
72907290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary döwlet elektrik stansiýasynyň energiýa bloklaryny abatlamak üçin tender-bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň energetika ministrligi Mary döwlet elektrik stansiýasynyň №1 we №3 energiýa bloklaryny abatlamak, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak maksady bilen halkara açyk tender-bäsleşigini yglan etdi. Tenderde bölünýän lot №2 hem bar — ol umumyzawod tehnologik enjamlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlarydyr.

Arzalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat ş., köç. 2022, jaý 55. Bäsleşige gatnaşyjylar doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmalydyrlar. Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan gelen arzalar kabul edilmeýär

Tender-bäsleşigine gatnaşmak üçin 500 ABŞ-nyň dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBüS-i hasaba almazdan) tölenmelidir.  Tender teklipleri «Neýtralny Türkmenistan» gazetinde resmi çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden soň tabşyrylan teklipler garalmaýar.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy

Teklipler tehniki we bahasy bilen baglanyşykly iki bukjada taýýarlanyp, möhürlenmelidir. Resminamalaryň toplumynda hökmany görnüşde Word formatynda sowalnamanyň we şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşi, şeýle hem Excel formatynda tehniki-ykdysady ýöritenamasy bolmalydyr.

Tendere gatnaşmak bilen baglanyşykly soraglar boýunça şu telefon belgilerine jaň edip: 37-94-31, 37-94-33, ýa-da elektron poçta arkaly: tender@minenergo.gov.tm habarlaşyp bilersiňiz.

Tenderiň «Neýtralny Türkmenistan» gazetinde çap edilen senesi: 2026-njy ýylyň 28-nji marty.